Turkmenportal logo
01.11.23
2342723427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Teýmur Çaryýewiň «Abdyş-Atasy» Gyrgyzystanyň çempiony boldy
Teýmur Çaryýewiň «Abdyş-Atasy» Gyrgyzystanyň çempiony boldy

Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» futbol topary heniz möwsüm tamamlanmanka, Gyrgyzystanyň çempiony boldy. Toparyň düzüminde türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýew hem bar. Ol gyrgyz toparynda şu ýylyň başyndan bäri çykyş edip gelýär.


Tutuş möwsümiň dowamynda hem netijeli oýunlar bilen janköýerlerini begendiren topar 26 duşuşykda 54 utuk toplap, wagtyndan ozal çempionlygyny yglan etdi. Ikinji orundaky Bişkegiň «Dordoýynyň» 49, üçünji orundaky Oş şäheriniň «Alaýynyň» bolsa 48 utugy bar.


Teýmur Çaryýewiň wekilçilik edýän topary, şeýlelikde, bassyr ikinji ýola Gyrgyz Respublikasynyň çempiony boldy. Bu toparyň AFK-nyň kubogynda Türkmenistanyň «Altyn asyr» we «Merw» toparlary bilen bir toparçada ýaryşýandygyny ýatladýarys. Häzirki wagtda şol toparçada («E» toparça) «Abdyş-Ata» üç duşuşykda toplan 7 utugy bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Altyn asyryň» 4, «Merwiň» we Täjigistanyň «Rawşan» toparynyň bolsa 2 utugy bar.