Turkmenportal logo
01.11.23
3504735047
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Toý hyzmatlaryny guraýan «Ak kepderi» kärhanasy uly aksiýa yglan edýär

Toýlara we beýleki maşgala dabaralaryna, şeýle-de milli däp-dessur çärelerine degişli köp sanly hyzmatlary hödürleýän «Ak kepderi» hususy kärhanasy sowgatly aksiýanyň başlanandygyny habar berýär.



«Ak kepderiniň» çadyrlary gurnamak we bezemek, baýramçylyk stoluny gurnamak hem-de myhmanlara hyzmat etmek ýaly hyzmatlaryny sargyt eden müşderilere dürli sowgatlyk bonuslary ýetirilýär. Bonuslaryň görnüşleri edilýän sargydyň töleg möçberine baglydyr.


Sowgatlyk bonuslaryň hataryna şular girýär:


- «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 10 günlük dynç alyş;


- «Ak kepderi» studiýasynyň wideoşekil hyzmaty;


- toý fotosessiýasy;


- dabarada milli estrada ýyldyzlarynyň çykyşlary;


- dabaralary alyp barýan meşhur alypbaryjylary çagyrmak;


- öýlenýän ýigidiň ýa-da gelniň doglan gününde baýramçylyk stoluny gurnamak;


- ýaş çatynjalar üçin ýörite söýgi aýdymyny ýazmak;


- «Love story» wideoşekillerini düşürmek;


- toý dabarasynyň bezegleri (öýleri, çadyrlary, restorany, ulaglary we ş.m bezemek).


Müşderilere sargydyň çäginde diňe bir ýokarda agzalan sowgatlar däl-de, başga-da köp sanly sýurprizler we ajaýyp guramaçylyk teklipleri ýetirilýär.



Aksiýa 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli geçirilýär.


«Ak kepderi» hususy kärhanasynyň 2020-nji ýyldan bäri türkmen paýtagtynyň, şeýle hem ýurduň beýleki sebitleriniň ýaşaýjylary üçin toý hyzmatlaryny hödürläp gelýändigini ýatladýarys.


«Ak kepderiniň» hyzmatlaryny şu salgydan sargyt edip bilersiňiz: Aşgabat ş., 10 ýyl abadançylyk köçesi, 147-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 22 72 72, (+993 65) 07 57 07. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.