Turkmenportal logo
01.11.23
3035630356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Stambuldaky Aýýa-Sofiýa metjidine girmek daşary ýurtlular üçin tölegli bolar

Stambuldaky dünýä belli Aýýa-Sofiýa metjidine baryp görmek daşary ýurtlular üçin tölegli bolar. Bu barada Türkiýäniň medeniýet we turizm ministri habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.


Aýýa-Sofiýany VI asyrda hristian ybadathanasy hökmünde gurdular, XV asyrda ol metjit boldy.


Şondan 500 ýyl geçensoň, Aýýa-Sofiýa muzeý derejesini aldy we ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.