Turkmenportal logo
31.10.23
2444324443
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: 20-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynda «Şagadam» myhmançylykda «Arkadag» topary bilen, «Nebitçi» bolsa «Ahal» bilen duşuşar. «Energetik» bilen «Merw» Mary, «Altyn asyr» bilen «Aşgabat» bolsa paýtagt derbisinde güýç synanyşar.


Häzir «Arkadag» topary 16 duşuşykda toplan 48 utugy bilen ýaryşyň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Altyn asyr» ondan 10 utuk yzda. Ilkinji üçlügi 29 utukly «Nebitçi» jemleýär.


Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ― 2023, 20-nji tapgyr:


2-nji noýabr, penşenbe


12:30 / «Arkadag» – «Şagadam», «Nusaý» stadiony, emin Akmyrat Gurbanow.
15:45 / «Ahal» – «Nebitçi», «Nusaý» stadiony, emin ― Arslan Goşşanow.


3-nji noýabr, anna


15:45 / «Altyn asyr» – «Aşgabat», «Sport toplumy» stadiony, emin ― Berdimämmet Atdyýew.


16:00 / «Energetik» – «Merw», «Energetik» stadiony, emin Jumamyrat Jumamyradow.