Turkmenportal logo
29.10.23
2521325213
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aktýor Mettýu Perri aradan çykdy

«Dostlar» diýen meşhur teleserialda baş keşpleriň birinde surata düşen kanadaly-amerikaly aktýor Mettýu Perri 54 ýaşynda aradan çykdy diýip, «Interfax.ru» habar berdi.


TMZ neşiriniň habaryna görä, aktýoryň jesedi Los-Anjelesdäki öýünden tapyldy.


«The New York Times» gazeti polisiýa gullugynyň aktýoryň ölüminiň sebäbini derňeýändigini ýazýar.


Perri 1969-njy ýylyň 19-njy awgustynda doguldy. Onuň meşhur kino keşpleriniň arasynda «Dostlar» teleserialyndaky Çendler Bing we «Ron Klarkyň taryhy» filmindäki baş keşp bar.


1994-nji ýylda ýaýlymda görkezilip başlanan «Dostlar» serialy aktýoryň ykbalyna güýçli täsir etdi, serial 10 möwsüm dowam edip, soňky möwsümlerde aktýorlar her bir bölüm üçin bir million dollar hak aldylar.