Turkmenportal logo
28.10.23
2926929269
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident hökümetara Türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady

Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara Türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany resminama Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen gol çekdi.