Turkmenportal logo
28.10.23
2781127811
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» topary «Merwi» uly hasapda ýeňlişe sezewar etdi

«Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 19-njy tapgyrynda «Merwi» uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.


Aşgabat şäherindäki «Nisa» stadionynda geçirilen oýun 6:0 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykda Didar Durdyýew (19-njy minut), Nazar Töwakelow (25, 39), Orazberdi Myradow (52, 79) hem-de Arslanmyrat Amanow (92, penalti) dagy tapawutlandy.


Ýeňiş arkaly utuklarynyň sanyny 48-e ýetiren «Arkadag» topary häzirki wagtda turnir tablisasynda ynamly liderlik edýär. Häzire çenli 12 utuk toplan «Merw» bolsa ýedinji basgançagy eýeläp dur.


«Arkadag» topary indiki oýnuny 2-nji noýabrda öz öýünde «Şagadam» bilen geçirer. «Merw» bolsa şondan bir gün soňra Mary welaýatynyň derbisinde «Energetik» bilen güýç synanyşar.