Turkmenportal logo
27.10.23
2706427064
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi

27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara sergisi we maslahaty öz işini tamamlady.


Forumyň soňky gününde «Excellence in Energy Award», «Best Moderator Award», «Excellence in Catering Services», «Outstanding Contribution as a Knowledge Partner», «Distinguished Excellence in Technical Panel Hosting» hem-de «Exhibition Excellence Award» ýaly alty ugur boýunça sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa laýyklykda:


«Excellence in Energy Award» baýragyna: «Socar», «Dragon Oil», «CNPC», «Pel Limited», «Auguste International», «Çalik Enerji», «Daewoo E&C Branch in Ashgabat», «Baker Hughes», «Yug-Neftegaz», «Hyundai Engineering», «Mitro International limited», «Buried Hill», «ENI Turkmenistan Limited», «Schlumberger», «NAPECO», «LX International» he-de «Sewertransnerud» kompaniýalary;


Halkara maslahatyň iň gowy moderatoryna gowşurylýan «Best Moderator Award» baýragyna: ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynyň başlygy Jon MakGregor;


Naharhana hyzmatlary üçin gowşurylýan «Excellence in Catering Services» baýragyna: «Gül Zaman» we «Arassa Deňiz» restoranlary;


«Outstanding Contribution as a Knowledge Partner» baýragyna: forumyň gün tertibini düzmekde we çykyş etmek üçin ýokary derejeli myhmanlary çagyrmakda OGT-2023 halkara maslahatynyň guramaçylaryna goldaw beren «S&P Global Commodity Insights» kompaniýasynyň Seljeriş boýunça ýolbaşçysy Kler Godar;


«Distinguished Excellence in Technical Panel Hosting» baýragyna: «Society of Petroleum Engineers» kompaniýasy;


OGT-2023 sergisinde iň oňat pawilýon dizaýny üçin 70 sany sergi stendiniň arasyndan saýlanan Malaýziýanyň «Petronas» hem-de Türkmenistanyň «Söwda Gurluşyk Maslahaty» kompaniýalary mynasyp boldular.


Ýeri gelende bellesek, OGT-2023 700-den gowrak ýerli we daşary ýurtly wekilleri, 400-den gowrak kompaniýany bir ýere jemläp, oňa 10 müň töweregi adam baryp gördi.