Turkmenportal logo
23.10.23
4812248122
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Begmyrat Annamyradow «ABU TV Song Festival» festiwalynda Türkmenistana wekilçilik eder

29-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň arasynda «ABU TV Song Festival» aýdym-saz bäsleşik telefestiwaly geçiriler. HHM-iň habar bermegine görä, aýdym-saz telefestiwalyna gatnaşyjylar eýýäm belli boldy.


Bäsleşikde türkmen estradasynyň meşhur aýdymçylarynyň biri bolan Begmyrat Annamyradow Türkmenistana wekilçilik eder.


Festiwalyň guramaçysy bolup Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşigi(ABU) çykyş edýär.


Bu aýdym-saz bäsleşigi 2012-nji ýyldan bäri her ýyl dabaraly ýagdaýda bellenip geçirilýär. Ol 2018-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilipdi.