Turkmenportal logo
23.10.23
2481824818
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Er-Riýadda türkmen-saud syýasy geňeşmeleriniň dördünji tapgyry geçirildi

Er-Riýad şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdimnyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti türkmen-saud syýasy geňeşmeleriniň dördünji tapgyryna gatnaşdy. Bu barada Riyadh Daily saýty habar berdi.


Duşuşykda Saud Arabystanynyň wekiliýetine ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Walid Abdulkerim Al-Hereýji ýolbaşçylyk etdi.



Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň käbir möhüm meseleleri boýunça konstruktiw pikir alyşmalar boldy.