Turkmenportal logo
17.10.23
4149741497
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarymfinallarynyň jogap duşuşygynyň geçiriljek güni belli boldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny eýelemek ugrunda geçirilýän ýaryşyň ýarymfinallarynyň jogap oýunlary şu ýylyň 18-nji dekabrynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.


Ýarymfinallaryň birinji duşuşyklarynyň netijesinde «Merw» bilen «Ahal» toparlary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdylar. Ikinji ýarymfinalda bolsa «Arkadag» topary myhmançylykda 4:1 hasabynda «Altyn asyr» toparyndan üstün çykypdy.


Şeýlelikde, «Ahal» – «Merw» hem-de «Arkadag» – «Altyn asyr» toparlarynyň arasyndaky jogap oýny 18-nji dekabrda geçiriler.


Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynyň geçiriljek ýeri hem-de wagty soň belli ediler.