Turkmenportal logo
16.10.23
2852628526
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nebitmaş» DK-da ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda işleriň meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirildi.


Kärhananyň habar berşi ýaly, degişli döwürde öndürilen önümleriň möçberiniň ösüş depgini 100,6%-e deň boldy.


Ýokary we pes woltly elektrik liniýalary boýunça işleriň meýilnamalaýyn tabşyryklary 100,9% ýerine ýetirildi.


«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň elektrotehniki önümleri, nebitgaz hem-de nebithimiýa pudaklary üçin dürli önümçilik gurnamalaryny we materiallary öndürýändigini, şeýle hem bu ugurlardaky kärhanalaryň işgärleri üçin iş geýimlerini tikip berýändigini ýatladýarys.



«Nebitmaş» kärhanasynyň degişli önümlerini şu salgydan sargyt edip bolýar: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.


Telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64, (+993 12) 76 02 43, 76 03 69.


Faks: (+993 12) 76 02 25.


Şeýle-de okaň: