Turkmenportal logo
11.10.23
5191951919
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Balykçy agramy 114 kilogram zagara balygyny tutdy

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Tailandda iki metrlik çeňňek bilen äpet zagara balygyny tutdy diýip, «The Sun» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.


36 ýaşly Kelwin Marston kakasy we dosty bilen kölde balyk tutýarka, çeňňegine ilen balygy ýeke özüniň kenara çykarmagyndan agyrdygyny duýdy, onuň çeňňegine ilen zagarany dört adam bolup süýräp suwdan aldylar.
«Men haýran galdym, munuň rekord balyk awudygyny-da bilemokdym. Maňa kölüň eýesi futbol köýnegini-de sowgat berdi» diýip, balykçy şatlygyny paýlaşdy.


Mähnet balygy ýene köle goýberdiler, kölüň eýesi ol zagarany dört ýyl mundan öňem tutandyklaryny gürrüň berdi, şunça wagtyň içinde ol dört kilogram semräpdir.


Äpet murtlak zagara balygy zagaralaryň maşgalasynda iň iri görnüş bolup, käbiriniň boýy iki metre, agramy 120 kilograma ýetýär. Olar Günorta-Gündogar Aziýanyň, esasan hem, Tailandyň, Laosyň, Kambojanyň we Günorta Wýetnamyň derýadyr köllerinde duşýar.