Turkmenportal logo
11.10.23
2766527665
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Duty Free» söwdasyny esaslandyryjylaryň biri Çarlz Fini aradan çykdy

Howa menzillerinde paçsyz söwdany döredijileriň biri bolan amerikaly işewür Çarlz Fini 92 ýaşyndan aradan çykdy diýip, onuň haýyr-sahawat gaznasynyň metbugat gullugy habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.


1960-njy ýylda telekeçi howa menzillerinde gümrük salgytsyz dükanlar zynjyryny açdy, 1988-nji ýylda ol «Forbes» neşiriniň wersiýasy boýunça ABŞ-nyň iň baý 400 adamynyň biri boldy. Şol wagt onuň 1,3 milliard dollar emlägi bardy, soňrak onuň maliýesiniň has köpdügi belli boldy. Görlüp oturylsa, telekeçi öz girdejileriniň uly bölegini haýyr-sahawat gaznalaryna geçirýän ekeni.


Fini dükanlarynyň hasabyna 7,5 milliard dollar gazandy, ol «Dirikäň bagyş etmeli» diýen hereketi döretdi, hereket baý adamlara emlägi aradan çykandan soň däl-de, dirikäň haýyr-sahawata bagyşlamagy ündeýärdi.


2012-nji ýylda Fini girdejileriniň esasy böleginden ýüz öwrüp, özi we aýaly üçin iki million dollar alyp galdy. Galan emlägini haýyr-sahawata bagyş etdi. Ömrüniň ahyrky ýyllarynda onuň hususy öýi we ulagy hem ýokdy, jemgyýetçilik ulagynda gezerdi hem-de üç otagly öýi kärendesine alypdy. Ýöne onuň öňki aýalydyr çagalary ýedi sany öýi miras aldylar.