Turkmenportal logo
10.10.23
3814838148
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň daşary işler ministri 10-11-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda saparda bolar
Türkiýäniň daşary işler ministri 10-11-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda saparda bolar

Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan daşary işler ministri Raşid Meredowyň çakylygy boýunça 10-11-nji oktýabrda Türkmenistana resmi sapada bolar. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy habar berýär.


«Saparyň dowamynda dostlukly we doganlyk Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem häzirki sebit we halkara wakalar ara alnyp maslahatlaşylar» diýlip, habarda bellenilýär.


Munuň Hakan Fidanyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri hökmünde Türkmenistana ilkinji sapary boljakdygyny bellemelidiris.