Owganystanyň günbataryndaky güýçli ýertitremesinde pida bolanlaryň sany 2 müň adamdan geçdi diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.
Bu soňky 20 ýylda iň köp heläkçilige getiren ýertitremedir.
Güýji 6,3 bala deň bolan ýer sarsgyny 7-nji oktýabrda, Hyrat şäherinden demirgazyk-günbatarda 40 kilometrlikde boldy, onuň yzysüre dowamly sarsgynlar hasaba alyndy.
Tebigy hadysa netijesinde alty oba ýykyldy, harabalaryň aşagynda ýüzlerçe adam galdy. Soňrak 465 öýüň ýykylandygy, 135 öýe zeper ýetendigi habar berildi. BMG harabalaryň aşagynda adamlaryň bolmagynyň mümkindigini habar berýär.