Turkmenportal logo
03.10.23
4043340433
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Al-Aýn» — «Ahal» oýnuna kuweýtli referi eminlik eder

Kuweýtli referi Abdulla Jamali AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan 2-nji aýlawyndan orun alan «Al-Aýn» — «Ahal» oýnuna eminlik eder. Bu barada globalsportsarchive.com. saýty habar berdi


Oýunda kuweýtli emine ildeşleri, gapdal eminleri Ali Jrak we Abdulhadi Manea ýardam eder. VAR-daky eminiň wezipesini hem kuweýtli Ahmad Al Ali ýerine ýetirer. Oýnuň dördünji emini singapurly Ahmad A’Kaşa bolar.


3-nji oktýabrda BAE-niň Al-Aýn şäherinde geçirijlek «Al-Aýn» — «Ahal» oýny Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.