Turkmenportal logo
02.10.23
3999239992
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahal» AFK Çempionlar ligasynyň oýnuny geçirmek üçin Birleşen Arap Emirliklerine bardy

«Ahalyň» oýunçylary AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 2-nji aýlawynyň duşuşygyny geçirmek üçin Birleşen Arap Emirliklerine bardylar.


«A» toparçasynda çykyş edýän «Ahal» sişenbe güni, 3-nji oktýabrda «Hazza Bin Zaýed» stadionynda ýer eýesi «Al-Aýn» bilen güýç synanyşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.


Ýeri gelende bellesek, «A» toparçada «Ahal» we «Al-Aýndan» başga-da Özbegistanyň «Pahtakor» hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» toparlary hem çykyş edýärler.