«KIBERone» halkara programmirleme mekdebi ähli isleg bildirýänleri ulular we çagalar üçin programmirleme boýunça mugt ussatlyk sapagyna çagyrýar.
Ussatlyk sapagyüç ýaş toparyna bölüner:
- 6 ýaşdan 9 ýaşa çenli çagalar üçin «MinecraftEducation», «Scratch», «Piktomir» mowzuklary boýunça, wagty – sagat 12:00-dan 13:00-a çenli;
- 10 ýaşdan 13 ýaşa çenli çagalar üçin «GameDev» mowzugy boýunça, wagty – sagat 13:00-dan 14:00-a çenli;
- 14 ýaşly we ondan uly mekdep okuwçylary hem-de ulular üçin «HTML/CSS», «Python» mowzuklary boýunça, wagty – sagat 14:00-dan 15:00-a çenli.
«KIBERone-da» ussatlyk sapagy 30-njy sentýabrda geçiriler.

Şeýle hem «Sanly Sowat» okuw merkezi güýzki kurslar üçin tölegler geçirilende arzanladyş mümkinçiliginden peýdalanmagy teklip edýär: böleklere bölünip tölenende 20% we bir wagtyň özünde tutuş kurs üçin töleg geçirilende 30%. «Sanly Sowatda» arzanladyşlar diňe sentýabryň ahyryna çenli hereket edýär.
«KIBERone-da» ussatlyk sapagyna ýazylmak ýa-da «Sanly Sowatda» arzanladyşdan peýdalanmak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 62) 20 64 19, (+993 63) 63 91 92, (+993 62) 52 56 38.
