Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň çakylygy boýunça Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow iş sapary bilen Arkadag şäherine geldi. Ol saparyň dowamynda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Bu barada «Tatar-inform» habar berýär.
Rustam Minnihanow şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
R.Minnihanowyň duşuşykda bellemegine görä, dünýädäki häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Tatarystan bu gatnaşyklary berkitmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardyr.
«Türkmenistan Tatarystan üçin hemişe strategik hyzmatdaş hasaplanýar» diýip, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany belläp geçdi.
Mundan başga-da, Minnihanow awtoulag öndürmek, gämi gurluşygy, tebigy gazy ibermek we beýleki ugurlar boýunça ykdysady hyzmatdaşlykda täze itergi beriji mümkinçilikleriň peýda bolýandygyny nygtady.
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere hem gatnaşar.

