Turkmenportal logo
21.09.23
4111341113
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn asyr» we «Merw» AFK Kubogy 2023/24-däki ýörişini başlaýar

Şu gün AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolagynda toparçalaýyn tapgyra badalga berler. Yklymyň klublarynyň arasyndaky ikinji derejeli ýaryşda «Altyn asyr» hem-de «Merw» Türkmenistana wekilçilik eder.


Ýaryşyň «E» toparçasyndan orun alan türkmen toparlarynyň garşydaşlary Täjigistanyň «Rawşan» hem-de Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparlary bolarlar.


Ýeri gelende bellesek, AFK Kubogy 2023/24-iň toparçalaýyn tapgyry 20-nji sentýabrda başlandy. Ýaryşda toparçalaýyn tapgyryň ahyrky oýunlary 14-nji dekabr güni geçiriler. Indiki tapgyra gatnaşmaga diňe toparçanyň ýeňijisi bolan klub hukuk gazanar.


AFK Kubogy 2023/24. Merkezi zolak. «E» toparça:


1-nji tapgyr, 21-nji sentýabr (penşenbe):


  • «Rawşan» (Täjigistan) – «Merw» (Türkmenistan)
  • «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) – «Altyn asyr» (Türkmenistan)

2-nji tapgyr, 5-nji oktýabr (penşenbe):


  • «Altyn asyr» (Türkmenistan) – «Rawşan» (Täjigistan)
  • «Merw» (Türkmenistan) – «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan)

3-nji tapgyr, 26-njy oktýabr (penşenbe):


  • «Rawşan» (Täjigistan) – «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan)
  • «Merw» (Türkmenistan) – «Altyn asyr» (Türkmenistan)

4-nji tapgyr, 9-njy noýabr (penşenbe):


  • «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) – «Rawşan» (Täjigistan)
  • «Altyn asyr» (Türkmenistan) – «Merw» (Türkmenistan)

5-nji tapgyr, 30-njy noýabr (penşenbe):


  • «Merw» (Türkmenistan) – «Rawşan» (Täjigistan)
  • «Altyn asyr» (Türkmenistan) – «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan)

6-njy tapgyr, 14-nji dekabr (penşenbe):


  • «Rawşan» (Täjigistan) – «Altyn asyr» (Türkmenistan)
  • «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) – «Merw» (Türkmenistan)