Turkmenportal logo
15.09.23
3344433444
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy Gazagystanda geçiriler

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Altynjy konsultatiw duşuşygy 2024-nji ýylda Gazagystanda geçiriler. Bu barada sebitiň döwlet Baştutanlarynyň Duşenbede geçirilen duşuşygynyň jemlerine bagyşlanan metbugat brifinginde Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Sirojiddin Muhriddin mälim etdi.


Ministr Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň indiki duşuşygy geljek ýylda Gazagystanda geçirmek baradaky teklibini goldandyklaryny aýtdy. Sebitiň liderleriniň indiki duşuşygy hasap boýunça altynjysy bolar. Şeýle formatdaky sammitiň ilkinjisi 2018-nji ýylda geçirilipdi.


Ýeri gelende bellesek, Täjigistandan ozal Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda hem-de Gyrgyzystanda guralypdy.