Oturylyşyk dabaralary häzirki döwürde iş medeniýetiniň möhüm bölegidir. Kärdeşler käwagtlar iş aladalaryny gyra goýup, özlerine oňaýly ýagdaýda gepleşmek, pikir alyşmak, dynç almak üçin aýratyn wagt aýryp, dabara stolunyň başynda duşuşýarlar. Şunuň ýaly oturylyşyk çäreleri üçin bolsa göwnejaý ýer saýlamaly bolýar. Toýlaryň we ýubileý dabaralarynyň giňden bellenilýän ýeri hökmünde meşhurlyk gazanan Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekany oturylyşyk dabaralaryny guramak üçin hem guramaçylykly hyzmatlaryny hödürleýär.
«Ak Ýol» toý mekany munuň üçin zerur bolan ähli hyzmatlary özünde jemleýär — giň, ajaýyp bezelen zal, tejribeli we taýýarlykly işgärler, şeýle hem milli tagamlardan we dünýä aşhanasynyň tagamlaryndan ybarat dürli görnüşli tagamnama we beýlekiler. Dabarany sargyt ediji müşderileriň haýyşy boýunça professional alyp baryjylaryň we aýdymçylaryň hyzmatlary hem ýetirilýär.
Bu ýere gelýän çagaly myhmanlar üçin hem ajaýyp sowgat — gyzykly we şatlanmak üçin ýörite enjamlaşdyrylan oýun meýdançasy we animatorlar bardyr.
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň «Ak Ýol» toý mekanynyň ýerleşýän salgysy: Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň:

