Turkmenportal logo
10.09.23
3678336783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň indiki garşydaşy Indoneziýa 9:0 hasabynda ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşy Indoneziýa Taýwany uly hasapda ýeňdi. Şenbe güni geçirilen oýunda Indoneziýanyň olimpiýa ýygyndysy Taýwandan 9:0 hasabynda üstün çykdy.


Şeýlelikde, Indoneziýanyň olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynyň «K» toparçasynda 3 utuk bilen birinji orna çykdy. Edil şonça utugy bolan Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy bolsa toplaryň tapawudyna görä häzirlikçe ikinji orunda dur. Bu toparçadan yklym birinjiliginiň final tapgyryna gatnaşjak ýygyndynyň ady 12-nji sentýabrda geçiriljek Indoneziýa — Türkmenistan oýnundan soňra belli bolar.


Ozal habar berşimiz ýaly, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy Taýwanyň ýygyndysyny 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.


Maglumat üçin, olimpiýa ýygyndylarynyň arasyndaky Aziýanyň kubogy — 2024 ýaryşynyň final tapgyry geljek ýylyň 15-nji aprelinden 3-nji maýyna çenli Katarda geçiriler. Saýlama tapgyry emele getirýän 11 toparçanyň ýeňijileri we ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy dördüsi yklym ýaryşynda çykyş etmäge hukuk gazanar.