Turkmenportal logo
07.09.23
2926229262
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Teýlor Swiftiň konserti iň köp girdejili bolup biler

Aýdymçy Teýlor Swiftiň kinokonserti ABŞ-da iň köp kassa ýygymly şowhun bolup biler, bu barada «The Hollywood Reporter» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Ýagny aýdymçynyň «Taylor Swift: The Eras Tour» konsertiniň kinoteatr nusgasy prokatdaky ilkinji dynç alyş günlerinde 100 million dollar toplar diýlip garaşylýar. Netijede, film-konsertiň Demirgazyk Amerikadaky umumy kassa ýygymy 150 million dollardan hem geçer.


Häzir Amerikada iň üstünlikli film-konsert «Jastin Biber: Hiç haçan hiç haçan diýme» bolup, ol 2011-nji ýylda 73 million, dünýäde 99 million dollar gazandy. Dünýä prokatynda meşhur aýdymçynyň amala aşmadyk konsertine taýýarlygyny görkezýän «Maýkl Jekson: ine, bar bolany» atly dokumental film-konsert rekordçy bolup durýar, ol 2009-njy ýylda dünýä prokatynda 261,2 million dollar toplady.


Teýlor Swiftiň film-konserti ABŞ-da we Kanadada 13-nji oktýabrda ekranlara çykar.