Turkmenportal logo
07.09.23
3419734197
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Hançjoudaky Aziýa oýunlaryna gatnaşjak düzümi belli boldy

Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Hançjouda (Hytaý) geçjek Aziýa oýunlaryna gatnaşjak düzümi belli boldy.


Ýaryş boks boýunça dürli agramlarda çykyş edýän 5 türgen Türkmenistana wekilçilik eder. Olar: Daýanç Annaseýidow, Hursand Imankuliýew, Baýramdurdy Nurmuhammedow, Arslanbek Açilow hem-de Şatlyk Saryýew. Ýeri gelende bellesek, olaryň arasynda iň uly umyt bildirilýän boksçy ýaşlygyna garamazdan, birnäçe garaşylmadyk ýeňişleri gazanan Baýramdurdy Nurmuhammedowdyr.


Tomusky Aziýa oýunlary — 2022 köpugurly sport ýaryşy bolup, ol 2023-nji ýylyň güýzünde Hytaýyň Hançjou şäherinde geçiriler.