Turkmenportal logo
05.09.23
2053720537
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň futbol ýygyndysynyň sentýabr aýyndaky ýoldaşlyk duşuşyklaryny «Первый канал» göni ýaýlymda alyp görkezer
Russiýanyň futbol ýygyndysynyň sentýabr aýyndaky ýoldaşlyk duşuşyklaryny «Первый канал» göni ýaýlymda alyp görkezer

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy sentýabr aýyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň çäklerinde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Russiýanyň Futbol birleşiginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu duşuşyk «Первый канал» teleýaýlymynda göni ýaýlymda alnyp görkeziler.


Rus ýygyndysy 7-nji sentýabr güni Müsüriň Sues şäherinde ýurduň olimpiýa ýygyndysy bilen duşuşar. Waleriý Karpiniň şägirtleri 11-nji sentýabrda bolsa Doha şäherinde Kataryň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.


Rus ýygyndysynyň 4-nji sentýabrda başlan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň 12-nji sentýabrda tamamlanjakdygyny ýatladýarys.