Turkmenportal logo
04.09.23
2696726967
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly agyr atletikaçylaryň dünýä çempionatynda çykyş etjek günleri belli boldy

Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde başlanan agyr atletika boýunça 88-nji dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyş etjek günleri belli boldy.


Dünýä çempionatyna 15 türgen bilen gatnaşýan (10 erkek, 5 zenan) türkmen ýygyndysynyň çykyşlary 5-nji sentýabrda Seýitjan Mirzaýewiň we Ýulduz Jumabaýewanyň çykyşy bilen başlanar.


Ýurduň beýleki wekilleriniň agyrlyk göterjek günleri bolsa aşakda görkezilýär.


  • 5-nji sentýabr

Seýitjan Mirzaýew, 61 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy iki görnüşiň jemi boýunça — 280 kilogram);


Ýulduz Jumabaýewa, 49 kilogarama çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 181 kilogram).


  • 7-nji sentýabr

Kristina Şermetowa, 59 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 190 kilogram);


Perhat Bagtyýarow, 67 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 272 kilogram);


Bunýad Raşidow, 67 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 317 kilogram).


  • 9-njy sentýabr

Bektimur Reýimow, 73 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 332 kilogram).


  • 11-njy sentýabr

Maksat Meredow, 81 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 320 kilogram);


Şatlyk Şöhradow, 89 kilograma çenli agram derejesi (Ortaça sargydy — 370 kilogram);


Gaýgysyz Töräýew, 81 kilograma çenli agram derejesi (Ortaça sargydy — 342 kilogram).


  • 13-nji sentýabr

Şahzadbek Matýakubow, 96 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 370 kilogram).


  • 14-nji sentýabr

Gülnabat Kadyrowa, 76 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 160 kilogram);


Polina Gurýewa, 76 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 170 kilogram);


Dawranbek Hasanbaýew, 102 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 385 kilogram).


  • 15-nji sentýabr

Anamjan Rustamowa, 81 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 240 kilogram).


  • 17-nji sentýabr

Hojamuhammet Toýçyýew, 109 kilogramdan ýokary agram derejesi (ortaça sargydy — 410 kilogram).