Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
