Turkmenportal logo
28.08.23
3875838758
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mingazow Gonkongyň çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji goluny geçirdi

«Kitçiniň» türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynda «Gonkong» topary bilen geçirilen duşuşykda iki gola goşant goşdy.


Duşuşyk Mingazowyň toparynyň 8:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. 21-nji minutda Kim Sin Uka gol pasyny beren türkmenistanly futbolçynyň 6 minutdan soňra özi hem tapawutlandy.


Şeýlelikde, «Kitçi» Gonkongyň Premýer-ligasyna bassyr iki ýeňiş bilen girişdi. Topar ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär.


Mingazowyň topary çempionatyň 3-nji tapgyryndaky duşuşygyny 2-nji sentýabrda «Istern» topary bilen geçirer.