Turkmenportal logo
27.08.23
3178231782
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: 16-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

«Altyn asyr» – “Aşgabat” – 7:2


Gollar: 10, 63 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew, 25 Wahyt Orazsähedow, 67, 84 Selim Nurmyradow, 70 Hoşgeldi Hojowow, 81 Begmyrat Arbatow (öz derwezesine) – 31 Şatlyk Gurbanow, 73 Hydyrgeldi Atjanow.


― Selim Nurmyradow möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.


― Hoşgeldi Hojowow Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan 80-nji futbolçy boldy.


― Hydyrgeldi Atjanow hem möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.


― Duşuşyk möwsümiň iň kän gol geçirilen oýny boldy.


― Ýokary ligada «Altyn asyryň» düzüminde geçiren gollarynyň sanyny 37-ä çykaran Myrat Annaýew topar bilen 2013-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji bäşligine girdi.


― Şatlyk Gurbanow Ýokary ligada «Aşgabadyň» düzüminde geçiren gollarynyň sanyny 20-ä tegeledi. Ol toparda 2013-nji ýyldan bäri iň köp tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji altylygyna girdi.



«Ahal» – «Nebitçi» – 2:0


Gollar: 40 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew, 80 Begenç Mämiýew.


― Bu ýeňişden soň «Ahal» bäşinji orna çykdy.