Turkmenportal logo
21.08.23
2993229932
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Siýýarto: Geçirijilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan 300 kilometrlik turbageçirijini gurmak zerur
Surat: 24.hu

20-nji awgustda Budapeştde geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn türkmen-wenger gepleşikleriniň dowamynda Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda eneregetika syýasaty, hususan-da, gaz üpjünçiligi meselesi boýunça pikir alşyldy. Nobatdaky ädim täjirçilik gepleşiklerini geçirmekden ybarat bolup durýar diýip, «Trend.az» habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto:


— Geçirijilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan 300 kilometrlik turbageçirijini gurmak, şeýle hem Günorta-Gündogar Ýewropadaky turbageçirijileriň kuwwatyny ýokarlandyrmak zerur – diýip, Türkmenistanyň gaz üpjünçiligi babatdaky mümkinçilikleri barada žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.


Bu ýerde gaz üpjünçiligini Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň üsti bilen guramak göz öňünde tutulýar.


Ozal Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Budapeştdäki duşuşygynyň Wengriýanyň energetika syýasatynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny habar beripdik.