Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň duşuşygy Wengriýanyň energetika syýasatynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Muny Premýer-ministriň Metbugat gullugynyň başlygy Bertalan Hawasiniň sözlerine salgylanyp, Wengriýanyň MTI habarlar gullugy mälim etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygy şertnamasy boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Wengriýanyň geljekde türkmen gazyny eksport etmegi maksat edinýän ýurtlaryň birine öwrülmegi bu gepleşikleriň möhüm bölegi bolup durýar.
«Budapeşt bilen Aşgabat Türkmenistandan Wengriýa gaz iberilmegi barada syýasy şertnama baglaşdy. Indi kompaniýalaryň arasynda gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar» diýip, «RIA Nowosti» Wengriýanyň Daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Peter Siýýartonyň sözlerine salgylanýar.
«Türkmenistan tarapyndan Wengriýanyň türkmen gazyny Ýewropa we üstaşyr geçýän ýurtlaryň birine iberip biljekdigi babatdaky syýasy erk we syýasy niýet örän aýdyň. Syýasy şertnama baglaşyldy, indi täjirçilik gepleşiklerini dowam etdirmek üçin nobat — kompaniýalaryňky. Türkmenistan geljekde Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün etmek möhüm ähmiýetli döwletleriň biridir, sebäbi Merkezi Aziýanyň bu ýurdunda dünýäde iň uly tebigy gaz gorlary bar. Biziň Wengriýa geljekde türkmen tebigy gazynyň eksport ediljek ýurdy bolmaly diýen syýasy ylalaşygymyz bar» diýip, P.Siýýarto «Facebook» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda ýazýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýär hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Bu barada Budapeştde iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda energetika ulgamy tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirip, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Ýewropa ugrunyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi. Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlyga hemişe taýýardyr.