Turkmenportal logo
19.08.23
2836228362
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Robert de Niro 80 ýaşyny kärdeşleri bilen belledi

Aktýor Robert de Nironyň maşgalasy we ýakyn dostlary Nýu-Ýorka onuň doglan gününi baýram etmek üçin geldiler diýip, «People» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Şäheriň garbanyşhanalarynyň birine aýdymçy Pol Makkartni we onuň aýaly, şeýle-de kinorežissýorlar Martin Skorseze we Frensis Ford Koppola, aktýorlar Leonardo di Kaprio hem-de Kristofer Uoken, kinoprodýuser Jorj Lukas, aktrisa Tiffany Çen dagy aktýory 80 ýaş toýy bilen gutlamaga ýygnandylar.


Özüniň kinodaky 60 ýyllyk işinde De Niro 130-dan gowrak filmde surata düşdi. Ol ilkinji gezek 1963-nji ýylda režissýor Braýan de Palmanyň «Toý oturylyşygy» atly filminde çykyş etdi.


Şu ýyl bolsa aktýoryň surata düşen «Gül Aýyň ganhorlary» we «Atam bilen meýlis» atly filmleri ekrana çykdy.