Turkmenportal logo
14.08.23
3724437244
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Awazadan Aşgabada dolanyp geldi
Türkmenistanyň Prezidenti Awazadan Aşgabada dolanyp geldi
Surat: turkmenistaninfo.gov.tm

Zähmet rugsady döwründe birnäçe gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün Aşgabada dolanyp geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanyny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden ýurduň resmi adamlary ugratdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary biraz wagtdan soň, Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Ol ýerde döwlet Baştutany mähirli garşylandy.


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň zähmet rugsady dowam edýär.