Turkmenportal logo
12.08.23
5751057510
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ilkinji gezek PRO derejeli tälimçilik okuwlary geçiriler

21-nji awgust bilen 2-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik kursunyň birinji hem-de ikinji moduly geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik kursunyň Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek.


Tälimçilik kursy UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Genadiý Skurtulyň ýolbaşçylygynda geçiriler. Moldowaly hünärmene bu ugurda ýerli hünärmenler AFK-nyň gözükdirijileri Röwşen Muhadow bilen Röwşen Meredow kömekleşerler.


Okuw kursy nazaryýetdir tejribe sakaklaryny öz içine alyp, oňa ýerli tälimçileriň 15-si gatnaşar (Türkmenistanyň futbol çempionatyna gatnaşýan toparlaryň hem-de ýurduň milli we ýaşlar ýygyndylarynyň tälimçileri).


Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik kursy 2023-nji ýylyň 21-nji awgusty bilen 2024-nji ýylyň 31-nji iýuly aralygynda geçiriler. Dört tapgyrda geçiriljek okuw kursy 8 moduldan ybarat bolar. Okuw kursunyň ikinji hem-de üçünji modullaryny şu ýylyň dekabr aýynda geçirmeklik meýilleşdirilýär.


Onuň soňunda bellenilen synaglary üstünlikli tabşyranlarа AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasy gowşurylar.