Turkmenportal logo
11.08.23
3350233502
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Howandarlykda bolan çagalar barada administratiw maglumatlaryň ulgamlaryna baha bermek boýunça maslahat geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen alternatiw ugurda we howandarlykda bolan çagalar barada administratiw maglumatlaryň ulgamlaryna baha bermek boýunça maslahat geçirdiler.


«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Adrian Salliwan maslahatda çykyş edip, goldawa mätäç çagalar üçin alternatiw hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmegiň we iň zerur bähbitleri göz öňünde tutup, zerur maglumatlar binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.


Maslahatda alternatiw ideg düşünjesi we onuň häsiýetnamalary, milli we pudaklaýyn derejedäki degişli baha beriş mehanizmleri, şeýle hem «TransMonEE»-de hasabat bermek barada söhbet edildi. «TransMonEE» — sebitiň milli statistika bölümleri tarapyndan çagalaryň hukuklary we abadançylygy bilen baglanyşykly birnäçe ugurda maglumatlaryň ýaýramagyny, hilini, elýeterliligini we ulanylyşyny gowulandyrmak üçin bilelikdäki başlangyçdyr.
Habarda bellenilişi ýaly, ÝUNISEF-niň Halkara bilermeni Joanna Rojers hem-de guramanyň Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky sebitleýin bölüminiň hünärmeni Ýekaterina Spasowa gün tertibindäki esasy meseleler barada çykyş etdi.