Turkmenportal logo
08.08.23
2877128771
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
IKA-nyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolar
IKA-nyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolar

Awgust aýynyň 8 ― 10-y aralygynda Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA) wekiliýeti 2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek guşak göreşi boýunça 14-nji dünýä çempionatyna görlen taýýarlyk bilen tanyşmak üçin Türkmenistana geler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


Halkara kuraş assosiasiýasy 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredildi. Häzirki wagtda bu sport guramasy öz düzümine Aziýa (32), Afrika (22), Ýewropa (33), Demirgazyk we Günorta Amerika (22) we Okeaniýa (9) ýaly jemi 118 milli federasiýany birleşdirýär.


Neşiriň ýazyşy ýaly, IKA-nyň wekiliýetine Halkara kuraş assosiasiýasynyň Baş sekretary we tehniki direktory Mohämmäd Reza Nassiri Nejat (Eýran) ýolbaşçylyk eder. Onuň bilen bilelikde Aşgabat şäherine IKA-nyň eminler komitetiniň başlygy Rawi Kapur (Hindistan) we Halkara kuraş assosiasiýasynyň dolandyryş guramasynyň ýolbaşçysy Mansur Mirzaýew (Özbegistan) dagy hem geler.


Paýtagtda myhmanlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň we Kuraş göreşi federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşarlar, şeýle hem söweş sungatlary toplumynda dünýä çempionaty geçiriljek Olimpiýa şäherçesine baryp görerler we ony geçirmegiň şertleri bilen tanşarlar.