Turkmenportal logo
08.08.23
7989279892
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belawiýa» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisi täze salga geçdi

«Belawiýa» howa ýollarynyň Aşgabatdaky ofisi indi Bitarap Türkmenistan şaýolundaky «Elektronika dünýäsi» binasynda ýerleşýär. Bu barada «Orient» ýazýar.


Ofis her gün 9:00-dan 17:00-a, şenbe günleri 9:00-dan 13:00-a çenli işleýär. Ýekşenbe günleri dynç günüdir.


«Belawiýa» howa ýollary Minsk bilen Türkmenbaşynyň arasynda hepdede iki gezek — sişenbe we şenbe günleri yzygiderli gatnawlary hödürleýär.


Ýolagçylar awiakompaniýanyň web sahypasynda ýa-da Aşgabatdaky «Belawiýa» ofisinden özlerine laýyk uçuşy saýlap, petekleri öňünden bron edip bilerler.


Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 95-01-63.