Turkmenportal logo
03.08.23
3386333863
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň sport göreşi boýunça ýetginjekler ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşýar

Sport göreşi boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Türkiýede geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşar. Bu barada ORIENT habar berdi.


Türkmen ýygyndysynyň düzüminde 12 türgen bar. Olaryň ýedisi ― Azymberdi Aşyrgulyýew, Azatberdi Aşyrgulyýew, Bekjan Ruslanow, Arslan Mämişow, Alp Arslan Begenjow, Döwletgeldi Myradow we Süleýman Musagulyýew dagylar erkin göreş boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.


Bäş türgen ― Maksat Seýitliýew, Husniddin Ulugbekow, Baýramgeldi Ýagmyrow, Kemal Kakabaýew, Taşlyk Ýunusow dagylar bolsa grek-rim göreşi boýunça tutluşyklarda Türkmenistana wekilçilik ederler.


17 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky dünýä çempionaty 6-njy awgustda tamamlanar. Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna eýranly tälimçi, erkin göreş boýunça dünýäniň iki gezek çempiony Reza Ýazdaniniň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar.