Turkmenportal logo
29.07.23
5061950619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Gyrgyzystandan üstün çykdy

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023-iň dördünji tapgyrynda Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy.


Duşuşykda türkmen ýygyndysynyň gollaryny Mülkaman Annagulyýew bilen Maksat Soltanow geçirdi. Derwezeçi Meretgeldi Gurbanow bolsa duşuşygyň iň gowy oýunçysy saýlanyldy.


Günüň beýleki duşuşyklarynda Eýran Özbegistany 5:0 hasabynda ýeňdi. Owganystan bilen Täjigistan bolsa 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.


Türkmen ýygyndysynyň dört duşuşygyň ikisinde ýeňiş gazanyp, ikisinde ýeňlendigini ýatladýarys.


Ýaryşyň jemleýji tapgyry 30-njy iýulda geçiriler. Şol gün Türkmenistan Owganystan bilen, Özbegistan Gyrgyzystan bilen, Täjigistan bolsa Eýran bilen duşuşar.