Turkmenportal logo
28.07.23
4833448334
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ermenistanyň Söwda-senagat palatasynyň wekilleri güýzde Türkmenistana sapar gurarlar
Ermenistanyň Söwda-senagat palatasynyň wekilleri güýzde Türkmenistana sapar gurarlarSurat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň başynda K.Iwanow ilçini Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri bilen tanyşdyrdy. Ol saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň käbir ugurlar boýunça eksport mümkinçilikleriniň öwrenilendigi barada habar berdi.


Söhbetdeşler iki döwletiň haryt dolanşygyny ösdürmek maksady bilen, ulag-logistika meseleleri barada durup geçdiler.


Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti geljekde hem türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden ybarat bolan toparyň güýz aýlarynda Türkmenistana iş saparynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Ilçi öz gezeginde bu sapar bilen bagly ýardamlaryň beriljekdigine ynandyrdy.