Turkmenportal logo
27.07.23
3240832408
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


«Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin, merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdiler.