Turkmenportal logo
26.07.23
3407834078
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy

«Tesla» kompaniýasyny esaslandyryjy, amerikan işewüri Ilon Mask «Forbes» žurnalynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň birinji hataryna çykdy diýip, «Trend» ýazýar.


Habarda Maskyň emläginiň 5,9 milliard dollar ýa-da 2,51 göterim artandygy bellenýär, häzirki wagtda onuň ähli baýlygy 242,5 milliard dollara deňdir.


Sanawdaky ikinji orunda 74 ýaşly Bernar Arno ýerleşdi, ýagny «Louis Vuitton Moet Hennessy» kompaniýalar toparynyň prezidentiniň we onuň maşgalasynyň emlägi 234,6 mlrd dollara deňdir. Üçünji orunda «Amazon» kompaniýasyny esaslandyran Jeff Bezos 152 mlrd dollar emlägi bilen orun aldy.