Turkmenportal logo
25.07.23
3192431924
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rim Papasy howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çagyrdy
Surat: lenta.ru

Rim Papasy dünýä Liderlerini howanyň üýtgemegine garşy göreş üçin birleşmäge çagyrdy diýip, «Habar 24» ýazýar.


Papa bu barada Apostol köşgüniň eýwanyndan eden çykyşynda: «Dünýä tizden-tiz gazylyp alynýan ýangyçdan ýüz öwürmelidir» diýdi.


Rekord derejede howanyň gyzmagy, tokaý ýangynlarydyr sil joşmalary howa jogapkärçiliksiz gatnaşygyň netijesidir diýen Papa soňky günlerde bu meselä has köp üns çekýär. 2022-nji ýylda Papa Fransisk ummana plastik taşlanylmagyny jenaýat hökmünde häsiýetlendirdi, üstümizdäki ýylyň başynda bolsa Kongodaky tropiki tokaýlary goramak barada çykyş etdi.