Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-biregi mähirli mübärekläp, iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary türkmen we özbek halklarynyň milli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow özüniň özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlik arzuw etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin Özbegistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we iki halkyň arasyndaky pugta doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklarda ösdürilýär. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň esasda dowam edýär, halkara giňişligindäki hereketler netijeli utgaşdyrylýar. Parlamentara gatnaşyklary hem täze ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Olaryň netijeli peýdalanylmagy iki tarapyň bähbidine hyzmat eder.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, ähli asylly başlangyçlarda uly üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

