Turkmenportal logo
21.07.23
3608136081
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mask dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara düşünmeýändigini aýtdy

Amerikan milliarderi, «Tesla» awtoulag kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde nämeleriň bolup geçýändigine asla düşünmeýändigini gürrüň berdi. Ol häzirki ykdysady durnuksyzlygyň şertlerinde öz kompaniýasynyň awtouaglarynyň nyrhyny arzanlatmaly boljakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy diýip, «1prime.ru» habar berýär.


«Bir gün meniň göwnüme dünýä ykdysadyýeti dargap barýan ýaly bolup görünýär, ertesi bolsa hemme zat gülala-güllük ýaly. Men nämeleriň bolup geçýändigine hiç akyl ýetirip bilmeýärin» diýip, işewür «Tesla» kompaniýasynyň ýylyň ikinji çärýegi boýunça maliýe hasabatlylygyna bagyşlanan ýygnakda belledi.