Turkmenportal logo
17.07.23
2210522105
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Karlos Alkaraz ilkinji gezek «Uimbldonyň» çempiony boldy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaraz öz karýerasynsa ilkinji gezek «Uimbldon» «uly tuwulgasynyň» çempiony boldy. Ol ýekşenbe güni geçirilen final oýnunda serbiýaly Nowak Jokowiçden üstün çykdy. 4 sagat 45 minut dowam aýgytlaýjy oýun 1:6, 7:6, 6:1, 3:6, 6:4 hasabynda Alkarazyň ýeňşi bilen tamamlandy. Oýnuň dartgynly geçendigine ýekeje mysal hökmünde üçünji setiň bäşinji geýminiň 27 minut dowam edendigini hem görkezmek bolar.


Şeýlelikde, dünýäniň birinji raketkasy Karlos Alkaraz «Uimbldonyň» 2023-nji ýyldaky çempiony bolup, ATP reýtingindäki liderligini has-da pugtalandyrdy.


Ýeri gelende bellesek, 20 ýaşly ispaniýaly tennisçi çempionlyk arkaly 2000 reýting utugyna hem-de 2 million 350 müň funt-sterling pul baýragyna eýe çykdy.