Turkmenportal logo
15.07.23
4741147411
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi täzelendi
Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi täzelendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýmyrat Goçmyradowy Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşanbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belläp, başga işe geçmegi sebäpli ony Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) Baş konsuly wezipesinden boşatdy.


«Türkmenistan» gazetiniň habaryna görä, degişli Karara laýyklykda, oňa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.


Döwlet Baştutanynyň Karary bilen Hemra Togalakow başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşanbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadyldy.