Turkmenportal logo
15.07.23
5334753347
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanyň daşary işler ministri Aşgabada resmi sapar bilen geler

15-16-njy iýulda Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin Türkmenistanda resmi saparda bolar. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.


Bellenilişi ýaly, bu sapar wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň çakylygy boýunça amala aşyrylar.


Saparyň dowamynda Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň başlygynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen kärdeşi R.Meredow bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. Gepleşikleriň barşynda, hususan-da, şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.